«Ahalyň» kapitany we ýarym goragçysy Elman Tagaýew AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynda BAE-niň «Al-Aýn» topary bilen geçiriljek duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy:
― Duşuşygyň bize ýeňil düşmejekdigini bilýärin. Birinjiden, myhmançylykda oýnaýarys, ikinjiden, birinji tapgyrda alnan ýeňiş ýer eýelerini has ruhlandyrar. Ýöne biz hem oýunda ähli yhlasymyzy, ukybymyzy orta goýarys. Taýýarlanmak üçin wagtymyz bar. Şonuň üçin garşydaş bilen deňeçer oýnap bileris diýip tama edýärin.
Şeýle hem Tagaýew «Al-Feýha» bilen bolan duşuşykda geçiren golundan hem owadan goly geçirmegi bardaaky umytly sowalymyza:
― Belki, toparymyň utuk gazanyp bilmegi üçin elimden gelenini gaýgyrmaryn ― diýip, jogap berdi.
«Al-Aýn» ― «Ahal» duşuşygy 3-nji oktýabr gün Al-Aýn şäherindäki «Hazza Bin Zaýed» stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanar.