Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäde iň beýik «Burj Halifa» diňiniň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili şöhlelendirildi.
«Türkmenistan halkyna abadançylyk, ösüş we üstünlik arzuw edýäris. Garaşsyzlyk güni gutly bolsun!» diýip, minarany guran «Emaar» kompaniýasy tarapyndan berlen metbugat beýanatynda bellenilýär.
Täsirli şöhlelenme beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi iki ýurduň dost-doganlygynyň özboluşly nyşanyna öwürdi.
Dubaýda ýerleşýän 163 gatdan ybarat bolan Burj Halifa diňi myhmanhana otaglaryny, restoranlary, kafeleri we edaralary öz içine alýar.
TDH-niň habar berşi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarydyr. Dürli ugurlarda, şol sanda işewürlik düzümi boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär.
Emirlikleriň we türk işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmalary artýar. Bu bolsa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan maýa goýum syýasaty, Türkmenistany senagatlaşdyrmagy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary, işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda diwersifikasiýalaşdyrylan häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmegi maksat edinýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary we taslamalar bilen berk baglanyşyklydyr.