Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşkentde bolan partlamada 163 adam ejir çekdi

16:3028.09.2023
0
22849

Özbegistanyň paýtagtynda bolan partlamada ejir çekenleriň sany 163 adama ýetdi diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan «Habar 24» ýazýar.

Ýaşaýjylaryň 30-sy hassahana eltildi, beýleki ejir çekenlere lukmançylyk kömegi berlip, öýlerine goýberildi. Partlama wagty şikes alan ýetginjegiň aradan çykandygy habar berildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň buýrugy boýunça Premýer-ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky hökümet topary döredildi.

Ýeri gelende aýtsak, penşenbä geçilýän gije sagat üç töweregi Daşkentdäki gümrükhana ambarlarynyň birinde partlama boldy, ýangyny daňa golaý öçürmek başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň