24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanda «Çodari Haýol» gurjak teatrlarynyň VII festiwaly geçiriler. «Howar» habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu festiwala Türkmenistan ilkinji gezek gatnaşar.
Festiwal gurjak teatr pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, adaty gurjak teatryny janlandyrmak we ösdürmek, estetiki bilimi kämilleşdirmek, şeýle hem ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilýär.
Bu ýyl festiwalda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Eýrandan gelen professional gurjak teatrlary çykyş eder. Şeýle hem bu maksatnama, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplarynyň çykyşlaryny öz içine alýar.
Tomaşaçylar çagalar we ulular üçin döredilen özboluşly we ajaýyp çykyşlara tomaşa edip bilerler.