Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Tam» kompaniýasy Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşdy

09:5723.09.2023
0
15112

20-nji we 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ykdysady üstünlikleriň nobatdaky sergisi geçirildi, onda milli ykdysadyýetiň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri gazananlaryny görkezdiler. Üstünlikleriň gözden geçirilişine gatnaşanlaryň biri hem ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri ýurtda gurluşyk materiallarynyň söwdasynda öňdebaryjy orny eýeleýän hem-de alyjylaryny we müşderilerini kanagatlandyrýan Türkmenistanyň iň uly gurluşyk bazary bolan «Ak Tam» kompaniýasy boldy.

«Ak Tam» bazary gurluşyk we abatlaýyş işleri üçin zerur zatlary satýan 400-den gowrak dükany kärendesine berýär. Bu ýerde boýaglardan we laklardan, turbalardan, santehnika enjamlaryndan we gurluşyk gurallaryndan başlap, dürli görnüşli örtük materiallaryna, gurluşyk garyndylaryna, metaldan ýasalan önümlere, agaç pürslere hem-de elektrik enjamlaryna çenli dürli görnüşli harytlary satyn almak mümkindir. Bazarda gurluşyk materiallarynyň jemi 150 müňden gowrak görnüşi hödürlenýär.

Türkmenistanda elektron söwdanyň ösmegi bilen «Ak Tam» kompaniýasy «Ak Tam Bazary» onlaýn söwda platformasyny açyp, işiniň bir bölegini Bütindünýä toruna geçirdi. Onda gurluşyk materiallaryndan başga-da, mebel önümlerini, hojalyk tehnikalaryny we elektronika enjamlaryny, öý we bag üçin harytlary satyn almak mümkindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň