Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oktýabrda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

09:5023.09.2023
0
16536

Oktýabr aýynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada, ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda aýdyldy.

Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň Baştutanyna berk jan saglyk, bagt we özygtyýarly Watanyň gülläp ösmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen köp ugurly we jogapkärçilikli döwlet işlerinde we üstünlik arzuw edip, doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şawkat Mirziýoýew sebitara hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilýändigini, «Horezm-Daşoguz» serhetýaka söwda zolagy döretmek boýunça bilelikdäki taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini uly kanagatlanma bilen belledi

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň