Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» HK Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan ykdysady üstünlikleriň sergisinde öz önümlerini görkezýär

10:2021.09.2023
0
32587

Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işini dowam etýär. Sergä iri hususy we döwlet eýeçiligindäki senagat kärhanalaryny gatnaşyp, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti gurmakda we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmekde gazanan üstünliklerini görkezýärler.

Sergä gatnaşyjylaryň biri hem önümleri diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da tanalýan, Türkmenistanda tebigy deriden aýakgaplary öndürýän iň iri kärhana bolan «Röwşen» HK-dyr.

«Röwşen» ykdysady sergilere yzygiderli gatnaşyp, Türkmenistanda we umuman, ýeňil senagat pudagynda hususy telekeçiligiň ösüşiniň üstünliklerini ýylsaýyn subut edýär. Kärhananyň önümleri ýokary hili, baý görnüşleri we elýeterli bahalary bilen özüne çekip, sergä gatnaşyjylaryň arasynda hemişe gyzyklanma döredýär.

Bu gezekki sergä «Röwşen» dükanlarynda hödürlenýän nusgawy erkek, zenan we çaga aýakgaplarynyň täze nusgalaryny – köwüşleri, «gaýyk» şekilli aýakgaplary, loferleri, sport aýakgaplaryny (krossowkalary), sliponlary bilen gatnaşýar. «Röwşen» haryt nyşanynyň wekilleri sergä gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna öz mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek görkezýändikleri hem-de ýokary sarp ediş standartlaryna laýyk gelýän önümlerine ünsi çekýändikleri üçin şatdyrlar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň