Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Er-Riýadda geçirilen mejlisine gatnaşdy

08:2118.09.2023
0
21471

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili M.Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 17-nji sentýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisine gatnaşdy. Mejlisde (ii), (iii) we (v) kriteriýalara laýyklykda, Bütindünýä mirasynyň sanawyna «Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly desgany goşmak kararyna gelindi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda ýerleşýän 31 sany ýadygärligi özünde jemleýän transmilli nominasiýasy biziň eramyzdan öňki II asyrdan biziň eramyzyň XVI asyryna çenli Ýüpek ýolunyň bu böleginde binagärlik we tehnologiýa, monumental sungat we şäher gurluşygy boýunça ajaýyp üstünlikleri görkezýär. Bu desga orta asyr şäherleri we Sogdian sungat eserleri, zoroastrizmiň, hristiançylygyň we yslamyň Merkezi Aziýa eden täsirini görkezýän binagärlik ýadygärliklerini şekillendirýär.

Zerewşan — Garagum geçelgesi adam bilen tebigatyň arabaglanyşygynyň özboluşly mysalydyr. Ol daglarda, gurak sähralarda, oazislerde, hasylly jülgelerde we çöl meýdanlarynda suw serişdelerini we infrastrukturany dolandyrmak üçin desgalary bilen asyrlarboýy söwda ýolunyň işlemegine goşant goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň