Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» kinofestiwalyna taýýarlyk görülýär

22:1916.09.2023
0
27371

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda «Arkadagyň säheri» atly kinofestiwaly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän kinofestiwalyň esasy maksady ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, türkmen kino sungatyny ösdürmekden, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekden, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligini sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle forumlaryň geçirilmeginiň olara gatnaşýanlara öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge mümkinçilik berýändigini, ýaşlary sungat bilen meşgullanmaga höweslendirýändigini, hünär taýdan ösmek, şeýle hem tejribe alyşmak üçin mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere kinofestiwala ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň