Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.
Mejlisiň Başlygy şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli ýurduň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek hem-de resminamalary taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýtdy.
Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler we iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hem maglumat berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işlerini netijeli dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.