Türkmenistan Russiýa barýan özbek ýük akymynyň üstaşyr geçelgesine öwrülip biler

14:0313.09.2023
0
23923
Türkmenistan Russiýa barýan özbek ýük akymynyň üstaşyr geçelgesine öwrülip biler
Surat: orient.tm

Özbegistan bilen Russiýa Özbegistan—Türkmenistan—Hazar deňzi—Russiýa multimodal ugry boýunça harytlaryň eksport-import daşamalaryny guramak mümkinçiligine seredýärler. Şunda Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu barada Özbegistanyň Ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Döwlet sekretary — Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministriniň orunbasary D.Zwerewiň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň habaryna görä, duşuşykda ulag we logistika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistan Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliginden peýdalanyp, Russiýanyň çägine girmegi maksat edinýän ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti däl. Gyrgyzystan hem Hazaryň Türkmenistan portunyň üsti bilen Russiýa bilen ulag aragatnaşygyny ýola goýmak isleýär. Bu ýerde Günorta ulag geçelgesi göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Belläp geçsek, has amatly ulag ýolunyň gözleginde Türkmenistan, Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan täze multimodal «Günorta ulag geçelgesini» işe girizmäge razy boldy. Ol Gyrgyzystanyň günortasyndan Özbegistana, soňra Türkmenistana, Hazar deňzindäki Türkmenbaşy portuna we demirgazykda Astrahana baryp ýeter.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň ygtyýarly guramalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri bilen dört taraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň