Türkmenistan Gazagystan bilen bilelikde Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy maslahat geçirer

10:1612.09.2023
0
23305

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Respublikanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Kunsula Zakaria bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda bilelikdäki halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edildi diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gazak Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy bu çäräni geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda aýtdy. Ýakynda geçiriljek maslahatyň dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanjakdygy we iki ýurduň öňdebaryjy gündogarşynaslaryny birleşdirjekdigi nygtaldy.

Soň türkmen diplomaty Auezow adyndaky Edebiýat we sungat institutynyň müdiriniň orunbasary Almira Kaliýewa bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda ilçi ony we edarasynyň wekillerini ýakyn wagtda geçiriljek maslahaty guramak işine gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň