Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen barýan raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan liderlik edýär

11:0306.09.2023
0
24033

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşýär. Munuň şeýledigini iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy hem-de şu ýylyň ýedi aýynda goňşy ýurda söwda we täjirçilik maksatly sapar eden daşary ýurtlularyň deň ýaryndan gowragynyň türkmenistanlylar bolandygy hem tassyklaýar. Has takygy, hasabat döwründe Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen baran daşary ýurt raýatlarynyň 55,6 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Çeşmede bellenilişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 29,1 müň sany daşary ýurtly söwda etmek üçin ýa-da täjirçilik maskatlary bilen Özbegistanda bolupdyr. Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça iň öňdäki orny bolsa Türkmenistan eýeleýär. Has takygy, degişli döwürde 16,2 müň sany türkmenistanly agzalan maksatlar bilen goňşy ýurda sapar edipdir. Sanawyň ilkinji bäşliginde Türkmenistan bilen bir hatarda, Täjigistanyň (8 müň), Owganystanyň (0,9 müň), Hindistanyň (0,6 müň) hem-de Gyrgyzystanyň (0,5 müň) ady getirilýär.

Mundan ozal 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 39,6 müň türkmenistanlynyň Özbegistana syýahat edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň