Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Iýul aýynda türkmenistanlylaryň 10 müňden gowragy Özbegistana syýahat etdi

17:2428.08.2023
0
27391

2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 40 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berdi.

Ýylyň başyndan bäri Özbegistana syýahat etmek maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan 6-njy orny eýeleýär. Şu ýylyň ýedi aýynda jemi 39,6 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edipdir. Bu ugurda ilkinji bäşlikde Täjigistan (1 million 151 müň), Gyrgyzystan (912 müň), Gazagystan (879 müň), Russiýa Federasiýasy (417 müň) hem-de Türkiýe (58 müň) ýaly ýurtlaryň ady getirilýär.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Özbegistana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 3 million 680 müňe deň bolupdyr.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 29,5 müňden gowragy Özbegistana syýahat edipdi. Şuny hasaba alsak, diňe soňky bir aýyň dowamynda 10 müňden gowrak türkmenistanlynyň syýahat etmek üçin Özbegistana barandygyny görmek bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň