Stambulda bolan güýçli sil joşmasy netijesinde bir adam pida boldy diýip, ýurduň NTV teleýaýlymy şäheriň häkimligine salgylanyp habar berdi. Sebitiň demirgazyk etraplarynda howplulygyň sary derejesi yglan edildi.
Şeýle hem bu tebigy betbagtçylyň wideosy internetde ýerleşdirildi, onda biline çenli suwda duran adamlar görünýär.
Stambuldaky sil joşgunyndan, esasan, Arnawutkeý we Başakşehir etraplary, şeýle hem Täze howa menziniň töwerekleri ejir çekdi.
Şäheriň häkimi Ekrem Imamoglu Stambuluň günbataryndaky köçeleriň birgidenini suw basandygyny habar berdi. Tebigy hadysanyň zyýanyny aradan aýyrmak üçin iki müňden gowrak adam işleýär.