Arhiw

Türkmenistan Minsk ýarym marafonyna gatnaşar

16:3305.09.2023
0
21727

Türkmenistan Minsk şäherinde geçiriljek ýarym marafona gatnaşar. Belarusyň Ýeňil atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Iwan Tihon köpçülikleýin sport çäresine dünýäniň 17 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan hem ýüwrükleriň gatnaşjakdygyny habar berdi.

10-njy sentýabrda geçiriljek ýarym marafona 15 müň çemesi adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ol üç aralykda — 5, 10,5 we 21 kilometr aralyklarda hem-de maşgala toparlary görnüşinde geçiriler.

Ylgaw «Dinamo» stadionynyň ýanyndan başlanar. Gatnaşyjylara Gippokratyň: «Owadan bolaýyn diýseň — ylga, güýçli bolaýyn diýseň — ylga, akylly bolaýyn diýseň — ylga!» diýen sözleri ýazylan medallar berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň