Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy auksion geçirer

16:0602.09.2023
0
73965

16-njy sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy auksion geçirer. Onuň çäklerinden ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny satuwa çykarar.

Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirmeli we satuwyň geçirilýän ýerinde tanyşdyryljak auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwlaryň hemmesi gutarnykly bolmak bilen önümler auksionda görkezilen ýagdaýynda berler.

Auksionyň ýeňijileri şol günüň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.

Auksion ilçihananyň täze salgysynda geçirilýär: Arçabil şaýolynyň 28-nji jaýy, giriş Atatürk köçesinden.

Ilçihananyň habaryna görä, auksion 9:00-da başlar we 12:00-da tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň