Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Änewde «Röwşen» haryt nyşanynyň täze dükany gapylaryny açdy

11:5231.08.2023
0
31155

Türkmen sarp edijileriniň arasynda meşhur bolan «Röwşen» aýakgap haryt nyşany bütin ýurt boýunça hususy dükanlar ulgamyny giňeltmegini dowam edýär. Aşgabadyň golaýyndaky Änew şäherinde haryt nyşanynyň önümleriniň ähli görnüşleri hödürlenýän nobatdaky «Röwşen» dükany açyldy.

Änew şäheriniň, şeýle hem şäher etegindäki obasynyň Gämi we Aşgabadyň ýaşaýjylary dükanda ähli möwsümler we durmuş wakalary üçin niýetlenen erkek, zenan we çaga aýakgaplaryny satyn alyp bilerler. Täze dükanda nusgawy erkek aýakgaplary, aýallaryň «gaýyk» şekilli köwüşleri we üsti açyk aýakgaplar (bosonožkalar), çaga aýakgaplary, tomus çepekleri, şeýle hem sliponlar, sport aýakgaplary (krossowkalar) we ýeňil aýakgaplar hödürlenýär. «Röwşeniň» ähli nusgalary ýokary hilli tebigy deriden taýýarlanýar, olar rahatlygy we çydamlylygy bilen tapawutlanýarlar.

Şeýle hem dükanda dürli deriden taýýarlanan dürli görnüşli esbaplar – jalbar guşaklary, ýantorbalar, gapjyklar, wizit kartoçkalary üçin daşlyklar hödürlenýär.

Haryt nyşanynyň dizaýnerleriniň nusgalarda nusgawy we sport stiline ähmiýet bermekleri netijesinde «Röwşen» aýakgaplaryny islendik eşik – erkek we zenan ofis lybaslary, zenanlaryň milli köýnekleri, mekdep we talyp lybaslary, ýaşlaryň sport eşikleri bilen iň oňat sazlaşygy emele getirýär.

«Gadyrly müşderiler, biz size täze dükanymyzda garaşýarys! «Röwşen» topary täze müşderileri garşylamaga hemişe şatdyr we size gerek bolan önümi saýlamaga kömek etmäge taýýardyr» diýip, aýakgap haryt nyşanynyň wekili belleýär.

Täze «Röwşen» dükany alyjylara şu salgyda garaşýar: Änew, Gämi köç., jaý 1/2, «Nurana» söwda merkezi.

Telefonlar: (+993 61) 55 01 00, (+993 65) 27 41 67.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň