Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» dabaralar zalynda toý dabaralary üçin tölegi 3 ýyla çenli möhletde töläp bilersiňiz

11:1230.08.2023
0
30338

«Ak Ýol» dabaralar zaly geljekki ýaş çatynjalara toý dabaralary üçin tölegi 36 aýa çenli (üç ýyla çenli) möhlet bilen tölemäge mümkinçilik berýär.

Toý, hususan-da, köp sanly myhmanlaryň çagyrylmagy bilen, örän köp çykdajyly çäre bolansoň, dabarany geçirmek üçin tölegi möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi ýaş çatynjalara uly kömek bolup biler.

«Ak Ýol» dabaralar zaly häzirki wagtda Aşgabatda toý çäreleri üçin tölegi möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini berýän bu ugurda ýeke-täk edaradyr.

Toý dabarasyny ýokary derejeli guramak we möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini resmileşdirmek üçin «Ak Ýol» zalynyň dolandyryş bölümine (administrasiýasyna) ýüz tutmak zerurdyr.

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» dabaralar zalynyň salgysy: Bagtyýarlyk köç., 15. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň