Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Ýol» toý mekany toý dabaralaryny tylla güýzüň ajaýyp senelerinde bellemegi teklip edýär

09:5123.08.2023
0
25692

Öňki döwürlerde köp halklarda durmuş toýuny güýzde toýlamak özboluşly däp bolupdyr. Bu toý üçin iň oňaýly möwsüm hasap edilipdir: hasyl ýygnalýar, golaýda has işjeňligi talap edýän öý-hojalyk işleri hem ýok, onsoňam, howa-da özbaşyna maýyl diýseňem bolýar. Bu gadymyýetden gözbaşly dessur häzirki döwrüň umumadamzat medeniýetinde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmenistanda durmuş toýunyň mümkingadar ýagdaýda tylla güýze meýilleşdirilýändigi bolsa tomsuň yssysynyň ahyrlanýandygy bilen hem baglydyr.

Toý gününi saýlap almakda kimler senenama salgylanýan bolsalar, kimler bolsa ýörite maşgalasy üçin laýyk gelýän seneleri saýlap alýarlar. Ýa bolmasa-da, bu ýagdaýda senenama esaslanmakda hem kybap geljek owadan seneleri, sanlary ajaýyp şekilde beýan edilýän günleri saýlamak hem bolar:

- 03.09.23 (ýekşenbe);
- 09.09.23 (şenbe);
- 23.09.23 (şenbe);
- 01.10.23 (ýekşenbe);
- 10.10.23 (sişenbe);
- 23.10.23 (duşenbe);
- 01.11.23 (çarşenbe);
- 03.11.23 (anna);
- 11.11.23 (şenbe);
- 23.11.23 (penşenbe).

Toý dabarasyny uludan gurap, köp sanly myhmanlary çagyrmak bilen giňden bellemekde Aşgabatda ýerleşýän «Ak Ýol» toý mekany 2023-nji ýylyň güýz aýlarynda belleniljek toýlaryň sargytlaryny kabul edýär.

«Ak Ýol» toý zaly diňe bir özüne müňe çenli myhmany ýerleşdirýändigi bilen çäklenmän, eýsem, ýaş çatynjalara birnäçe goşmaça toý sowgatlaryny hem ýetirýär. Olardan, mysal üçin, zalyň tölegsiz bezelmegini, ses we yşyklandyryş enjamlaryny, «Linkoln» kabriolet gelnalyjy awtoulagyny, myhmanhanadan otagy, animatorlaryň hyzmatlaryny, aýdymçyny we alyp baryjyny bellemek bolar. Mundan başga-da, esasy bellemeli ýeri, «Ak Ýol» toý mekany 36 aý garaşaryna, möhletleýin töleg geçirmek şerti bilen durmuş toýuny bellemek hyzmatyny hödürleýär.

«Ak Ýol» toý mekany Aşgabat şäheriniň iň bir görkana ýerleriniň birinde — şäheriň ajaýyp şekiliniň açylýan künjeginde, baýryň üstünde ýerleşýär.

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» toý mekanynyň salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň