Tomusam ahyrlanyp gelýär. Bu bolsa sapaly möwsümiň datly miwedir gök-bakja önümlerinden lezzetinden ganyp ýetişmegi ýaňzydýar. Häzir miweleri diňe terligine däl-de, olardan köp mukdarda witaminleri we antioksidantlary özünde jemleýän ýakymly süýjülikleri taýýarlap iýmegiň wagty gelip ýetdi.
Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekanynyň aşpezi Ýeňiş Saparow ýörite «Turkmenportalyň» okyjylary üçin Türkmenistanda ösüp ýetişýän miwelerden we bakja önümlerinden taýýarlanylýan süýjülikleriň birnäçe ýönekeý reseptlerini paýlaşýar.
1-nji resept: gawun, käşir, 250 gram dorag, 3 nahar çemçesi gaýmak, 1 nahar çemçesi ary baly.
Doragy gaýmak bilen garyp, üstüne gyrylan käşiri we ary balyny goşmaly. Gawunyň birnäçe dilimini arassalap, dört burç şekilde kesişdirmeli hem-de doraga goşmaly. Taýýar bolan süýjüligi sowadylan görnüşde iýmeli.
2-nji resept: 500 gram gawun, 2-3 nahar çemçesi şeker, 1 nahar çemçesi wanilin, azajyk mukdarda limon kislotasy, 20 gram želatin, 150-200 ml suw.
Az mukdardaky suwda garylan želatini gyzgyn suwly gaba goýuň. Arassalanan we dogralan gawuny blenderde üwäň. Onuň üstüne şeker, wanilin hem-de limon kislotasyny goşuň. Alnan gawun püresine želatin goşup, mikser bilen 10 minut garyň. Bir galyba guýmak bilen, 2-3 sagatlap sowadyjyda goýuň.
Gawun musy taýýar boldy!
3-nji resept. Ary bally we dalçynly garpyz kokteýliniň 3 bölegini taýýarlamak üçin şular gerek bolýar: 400 gram garpyz, 200 ml süýt, 1 nahar çemçesi ary baly hem-de az mukdarda dalçyn gerek bolar.
Garpyzyň çigitleri arassalanan miwesini blenderde üwemeli, oňa bal, dalçyn, süýt goşup, blender bilen gaýtadan garmaly. Bulgurlara guýup, islegiňize görä buz goşup, üstüne dalçyn sepmeli.
4-nji resept: üzüm, 85 gram süýtli şokolad, kokos gyryndysy.
Üzümli şokolady taýýarlamak üçin ony gowy edip arassalap, ýuwmaly hem-de guratmaly. Eredilen şokoladyň içine diş gorjalýan taýajyklara dürtülen üzümleri batyrmaly, soňra ony pergamentde goýmaly. Üstüne kokos gyryndysyny sepmeli. Şokolady doňdurmak üçin üzümi bäş minutlap sowadyjynyň doňduryjy böleginde goýmaly.
5-nji resept: 100 gram uly göwrümli üzüm, 200 gram ýagly eredilen peýnir, 100 gram hoz.
Hozlary blender bilen ýa-da kofe üweýji bilen üwemeli, üzüm dänelerini bolsa ýarty böleklere bölmeli. Eredilen peýnirden kiçijik tekiz tortjagaz taýýarlap, ortarasyna üzüm dänelerini goýup, ondan deň ölçegde aýry-aýry topjagazlary ýasamaly. Soňra peýnir topjagazlaryny hoz owuntyklary bilen örtmeli.
Bu süýjülikler diňe bir özboluşly tagamy bilen begendirmän, eýsem size günüňizi şähdaçyklyk, ruhubelentlik paýlar. Tomus miwelerinden we bakja önümlerinden taýýarlanan dürli görnüşdäki süýjüliklerden lezzet almak mümkinçiligini elden gidirmäň. Işdäňiz açyk bolsun!
«Ak Ýoluň» baş aşpezi tagamlary taýýarlamak tejribesinden aşhana adalgalaryny hem-de peýdaly usullar bilen «Turkmenportal» web saýtynyň okyjylaryny eýýäm birinji gezek tanyşdyryşy däl.
«Her gezek toý dabarasy bellenilende, toparymyz bilen «Ak Ýola» gelýän her bir myhmanyň tagamlarymyzdan kanagatlanmagyny we doýmagyny gazanmagyň aladasyny edýäris. Has dogrusy, myhmanlar öz dost-ýarlaryna biziň toý zalymyzy maslahat bermeklerini isleýäris» — diýip, toý mekanynyň administratory belleýär.
Hut şonuň üçinem, dabaraly çäreleriň müşderileri üçin bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň köp sanly tagamlaryndan ybarat bolan tagamnama, şeýle hem ýörite hyzmatlar hödürlenýär. Olardan belläp geçsek, müşderilere toýuň tölegini 36 aýa çenli bölekleýin görnüşde geçirmek, aýdymçy, alyp baryjy, süýjülik torty we zal bezegi, lazer şüweleňi, monitorlar, myhmanhanadan lýuks otagy, «Linkoln» gelnalyjy awtoulagy we ş.m. ýaly sowgatlar ýetirilýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň «Ak Ýol» toý mekany Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýynda, 1-nji gatda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Peýdalanylan çeşmeler: www.russianfood.com; www.edimdoma.ru
Şeýle-de okaň: