Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýetiniň ýakyn geljekde Türkmenistana sapar bilen gelmegine garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy öz sosial ulgamlarynda habar berdi.
Sişenbe güni Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Atageldi Haljanow Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi we guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebit bölüminiň müdiri Biata Andress bilen duşuşdy.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek we ýakyn wagtda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.