«KIBERone», «AMAkids» we «Sanly Sowat» bilim merkezleri ähli isleg bildirýänleri iňlis we rus dili, mental arifmetika hem-de programmirleme boýunça geçirilýän okuw kurslaryna çagyrýar. Bu okuwlara sentýabr aýynda ýazylanlar ähli ugurlar boýunça 30% arzanladyş alyp bilerler.
Çagalaryň intellektini ösdürmek üçin «AMAkids» akademiýasynda mekdep okuwçylary iň täsirli bilim usullaryny ulanmak arkaly iňlis dilini öwrenýärler. Mental arifmetika çaganyň aňynda köp sanly hasaplamalary çalt we aňsat goşmagyna, hasaplamagyna mümkinçilik berýär. Şeýle başarnyklara eýe bolmak ýady we ünslüligi ýokarlandyrýar, logiki pikirlenmäni ösdürýär we beýnini türgenleşdirýär.
Programmirleme — häzirki döwürde iň talap edilýän hünärleriň biri bolup öňe çykdy. Çagalar üçin «KIBERone» halkara programmirleme mekdebinde 6 — 16 ýaş aralygyndaky öwrenijiler «Python» we «JavaScript-de» programmirlemegiň esaslaryny öwrenýärler, emeli aň barada zerur bilimleri alýarlar, web sahypalaryny we söhbetdeşlik botlaryny döretmegi öwrenýärler. «KIBERone-daky» sapaklar 20 göterim teoretiki we 80 göterim amaly görnüşinde alnyp barylýar.
«KIBERone» programmirlemäni öwrenmekde şu ugurlary teklip edýär:
- Minecraft Education Edition — çagalar üçin «Java Script» we «Python» dillerinde programmirlemäniň esaslaryny öwrenmek üçin okuwlar;
- HTML/CSS/JAVA SCRIPT — Web saýtlary işläp düzmek (Fronted developer);
- Roblox Studio — «Roblox» platformasynda üç ölçegli dünýäni döretmegi özleşdirmek.
«Sanly Sowat» bilim merkezi isleg bildirýänler şu okuw kurslaryna çagyrýar:
- kompýuter sowatlylygy;
- uly ýaşlylar üçin programmirleme (Html /CSS, Javascript, Python, C#, Unity 3D, Adobe Photoshop, Adobe Illustrator, Figma);
- iňlis dili — Cambridge English (şol sanda IELTS we TOEFL maksatnamalaryna taýýarlamak).
Okamaga isleg bildirip, häzirlikçe belli bir okuwy saýlap bilmeýänler üçin hem tölegsiz barlap görmek okuw sapaklary geçirilýär.
Okuwa degişli islendik sowallar bilen ýüz tutmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak maslahat berilýär: (+993 62) 20 64 19 we +(993 63) 63 91 92.