Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TSG we DSM çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy hakynda ykrarnamanyň görnüşini tassyklady

16:0129.08.2023
0
118577

Türkmenistan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2023-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky 358 belgili buýrugyna laýyklykda, saglygy goraýyş edarasynda çaga doglanda onuň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk ýagdaýynda, çaganyň ejesi barada maglumatlaryň onuň sözünden ýazylandygy hakynda ykrarnamanyň görnüşi tassyklanyldy.

Ykrarnama şu aşakdaky maglumatlary öz içine alýar:

  • Çaganyň ejesiniň familiýasy, ady we atasynyň ady;
  • Çaganyň ejesiniň doglan senesi, raýatlygy;
  • Çaganyň ejesiniň doglan ýeri;
  • Çaganyň ejesiniň işleýän ýeri;
  • Çaganyň ejesiniň ýaşaýan ýeri we goly;
  • Çaganyň kakasynyň ady we goly;
  • Çaganyň jynsy we doglan senesi;
  • Bejeriji lukmanyň maglumatlary;
  • Çaga doglanda gatnaşan üç lukmanyň maglumatlary;
  • Bölüm müdiriniň maglumatlary;
  • Saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň maglumatlary we goly;
  • Möhür.

Tassyklanan ykrarnamanyň görnüşi bilen minjust.gov.tm web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň