«EMAY Cosmetics» internet dükany 50%-e çenli arzanladyşlary we dükandan dürli baýraklary gazanmak mümkinçiligini öz içine alýan aksiýa yglan edýär.
Dükanyň saýtynda edilen her bir sargyt size diňe bir amatly bahadan kosmetika önümini we öz islegiňize görä sowgat bermek bilen çäklenmän, eýsem, stiker-baýrak görnüşinde garaşylmadyk sowgatlary hem getirer.
Aksiýanyň şertleri örän ýönekeý: belli bir haryt nyşanynyň önümlerini sargyt edeniňizde, hususy stikerlerini hem alýarsyňyz. Stikerleri ýygnap, olary dükanda dürli sowgatlar – kosmetikadan başlap, simsiz gulalyklar, ses enjamlary (kolonkalar), howany çyglandyryjylar we başga-da dürli harytlar bilen çalşyp bilersiňiz.
«EMAY Cosmetics» dükanynyň saýtynda ähli görnüşli we dürli ýaşdaky deri üçin bezeg hem-de ideg kosmetika önümleriniň iň giň görnüşlerini tapyp bilersiňiz.
Aksiýa barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu belgä jaň edip: (+993 61) 64-86-03 ýa-da «EMAY Cosmetics» internet dükanyna girip görüp bilersiňiz.