Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň syýahatçylyk boýunça halkara hyzmatdaşlygy we halkara sergi işi hakynda resminamalary tassyklady

23:3125.08.2023
0
29747

«Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama bilen, Türkmenistanyň degişli ministrliklerine hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna agzalan Maksatnamada we Konsepsiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Resminama «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk ugruny, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýäniň bu ugurlarda ösen döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow agzalan Maksatnamada we Konsepsiýada kesgitlenen esasy maksatlar we wezipeler, şeýle hem olary durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy, dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, gatnaşyklaryň kuwwatyndan we netijeli gurallaryndan has doly peýdalanmak, Türkmenistanyň telekeçilerini hem-de haryt öndürijilerini goldamak boýunça zerur çäreleri görmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, hususan-da, ugurdaş çäreleri guramak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, bellenen ugurlarda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek we pugtalandyrmak boýunça degişli teklipler beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň