Top.Mail.Ru

Arhiw

Özbegistanyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar

15:5024.08.2023
0
43051

Özbegistanyň Samarkant welaýatynyň häkiminiň orunbasary Nozir Ibragimowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda bolýar.

Saparyň esasy maksady gurluşyk materiallaryny öndürmek we satmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Wekiliýetiň düzüminde Özbegistanda iň uly metal önümlerini öndürýän «Asia Metal Prof» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň bardygyny hem bellemek gerek.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde gepleşikler, duşuşyklar, pikir alyşmalar geçirildi.

Duşuşyga gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça ulag we logistika pudagynda işleýän türkmen kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da özbek wekiliýeti «Şanly bedew» hususy kärhanasynyň önümçilik meýdançasyna aýlanyp gördüler we türkmen kärdeşleriniň alyp barýan önümçilik işleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň