Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Çogori gerşine çykaryldy

23:4023.08.2023
0
56714

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri dünýädäki iň beýik ikinji beýik dag depesine — Çogori gerşine (8611 metr) çykyp, ol ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurduň Döwlet baýdagyny parlatdylar. Bu barada «Morinžgeologiýa»-nyň baş direktory «Turkmenportala» habar berdi.

K2 ady bilen hem belli bolan Çogori Ewerestden soň dünýädäki ikinji beýik dag gerşidir. Ol Hytaý we Pakistan serhedindäki Karakoram dagynda ýerleşýär. Çogori belentligi howa şertleri we dik gaýaly eňňitleri sebäpli dünýäniň çykmasy iň kyn daglaryndan biri hasaplanýar.

Çogori gerşine çykmaga Latwiýa, Russiýa we Gazagystan ýaly dürli ýurtlardan gelen «Morinžgeologiýa»-nyň wekilleri gatnaşdy. Beýiklige çykmak Pakistan tarapyndan amala aşyryldy.

«Morinžgeologiýa» Türkmenistanda «Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd. » kompaniýasy bilen «Jeýtundyr» «Jygalybeg» («Çeleken» Şertnamalaýyn meýdança) deňiz ýataklarynda geofiziki we inženerçilik-geologiýa barlaglaryny geçirmäge we Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Kanunyna laýyklykda uzak möhletleýin şertnama esasynda iş alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň