Şu gün Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýha ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Ilçini wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek boýunça alyp barjak işinde Katar tarapynyň goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.
Ozal Myratgeldi Ballyýewiç Seýitmämmedowyň Türkmenistanyň Katar Döwletindäki (Doha şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilendigi barada habar beripdik.