Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gawaýlardaky ýangynlardan ýeten zyýan 5,5 milliard dollara deň boldy

10:1014.08.2023
0
26504

Gawaýlaryň Maui adasynda dörän tebigy ýangynlardan çekilen ykdysady ýitgi deslapky çaklamara görä, 5.5 milliard amerikan dollaryna deň boldy diýip, «Interfaks» habar berdi.

Bu barada adanyň gubernatory Joş Grin habar berdi. Ýangynlar netijesinde 2,2 müň bina ýok boldy, onuň 86 göterimi ýaşaýyş jaýlarydyr. Soňky maglumatlara laýyklykda, 89 adam pida boldy.

Maui adasynyň günbatarynda täze ýangynyň dörändigi habar berilýär, ýerli häkimiýetler ol ýerdäki Kaanapali obasyndan ýaşaýjylary göçürýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň