Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň iki etrabynda agyz suwlarynyň hili öwrenildi

20:5425.07.2023
0
60098

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan buraw işleriniň ýarym ýyllyk meýilnamasy 120,6 göterim ýerine ýetirildi. Kärhananyň işgärleri tarapyndan ýerasty suwlar düýpli öwrenilýär we olaryň geoekologiki suratlary alynýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.

Akdepe etrabynyň «Agzybirlik», «Ak altyn», «Täze zaman», «Gyzyl takyr», «Ak bugdaý», Boldumsaz etrabynyň «Guwanç Atamedow» obalaryndaky agyz suwlarynyň hili öwrenildi. Akdepe etrabynyň «Zähmet» obasynyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýän gözleg-burawlaýyş işleri tamamlandy we bu baradaky hasabat «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna ugradyldy.

«Altyn asyr» türkmen kölüniň akymynyň ugrunda ýerleşýän medeni we sähra zolaklaryny öz içine alýan ýerlerde meýdan şertlerinde dürli ugurly işler alnyp baryldy.

Habarda bellenilişi ýaly, sebitde agyz suwunyň täze çeşmelerini gözlemekde we ony ulanyşa bermekde Daşoguz welaýatynyň gidrogeologik ekspedisiýasynyň işgärleri degişli iş görkezijileriniň ýokary bolmagyny gazanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň