Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewiň, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowyň, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazowyň welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky beren hasabatlary diňlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda welaýat häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine ünsi çekdi hem-de şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda welaýat häkimleriniň hasabatlaryndan soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler ýurduň gowaça meýdanlarynda pagtaçy babadaýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bu işler bilen bir hatarda, pagta arassalaýjy kärhanalary hem-de pagta kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.
Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak we ilatymyza ýetirmek boýunça işler dowam edýär.
Şeýle hem wise-premýer Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýekelemek we otag etmek, gögeriş hem-de ösüş suwuny tutmak işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilýän oba hojalyk ekinleriniň ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da gowaça edilýän ideg işleriniň hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.