Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa topary Türkmenistanyň özara bahalandyryş hasabatyny çap etdi

14:0223.07.2023
0
36582

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa topary Türkmenistanyň özara bahalandyryş hasabatyny çap etdi. Bu barada Ýewraziýa toparynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Türkmenistanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek üçin berk hukuk binýady bar we ýurt jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatynda milli syýasaty durmuşa geçirmekde ep-esli netijelilik görkezdi diýlip, hasabatda aýdylýar.

Hasabatda Türkmenistan terrorçylygy maliýeleşdirmegiň öňüni almak we ony ýok etmek boýunça netijeli ulgam hereket edýär, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk üçin zerur hukuk we institusional mehanizmler bar diýlip bellenilýär. Şeýle hem onda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň bardygy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegini ýüze çykarmak we derňemek boýunça ygtyýarly edaralaryň işgärleriniň taýýarlanylandygy nygtalýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda terrorçylyk bilen baglanyşykly jenaýatlar, şol sanda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi hasaba alynmady. Ýurtda terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş çäreleri, esasan, bu hereketiň öňüni almaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş meselelerini terrorçylyga garşy milli strategiýalara goşdy we terrorçylyga garşy syýasaty goldamak üçin öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň özara bahalandyryş hasabaty Ýewraziýa toparynyň bütindünýä ulgamynda hil we laýyklyk gözegçiliginden geçdi hem-de Toparyň web sahypasynda çap edildi.

Hasabaty şu salgydan görüp bilersiňiz:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň