Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabatdaky türkmen ÝOM-larynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

21:3021.07.2023
0
26571

Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubema Antonio Korreýa Barbosa türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, ilçi özüniň diplomatik, işewür we durmuş tejribesi barada giňişleýin gürrüň berdi, iş tejribesinden ýatdan çykmajak pursatlary we şonuň bilen baglanyşykly täsirli wakalary ýatlap geçdi.

Şeýle hem, Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli netijeleri, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky bilelikdäki taslamalar barada çykyş etdi.

Diplomat söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport-syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge goşant goşýan medeni gepleşikleriň güýçlendirilmegi üçin bar bolan mümkinçilikleri belläp geçdi.

Duşuşygyň çäklerinde ilçi instituta gezelenç etdi, onuň dowamynda bu ýerde «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» intellektual bäsleşigi üçin ýörite döredilen öýi synlady.

Ýatlap geçsek, ilçi Rubema Antonio Korreýa Barbosa Türkmenistanda ýaňy-ýakynda — 19-njy iýulda akkreditlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň