Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellenildi

21:5417.07.2023
0
32583

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow podpolkownik Amanmuhammet Sazakowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi we ony bu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginiň habaryna görä, döwlet Baştutany degişli Permana şu gün Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde gol çekdi.

Amanmuhammet Sazakow 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndan bäri bu gullugyň ozalky başlygy Batyr Wolsahatowyň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellenilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirip gelýär.

Döwlet Baştutany B.Wolsahatowa işinde üstünlik arzuw edip, bu gurluşyň öňünde durýan ileri tutulýan meselelere ünsi jemledi. Olaryň arasynda bu ugurda dünýä tejribesini ösdürmek, ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtly myhmanlara we türkmen raýatlaryna degişli derejede migrasiýa hyzmatlaryny bermek görkezildi.

Bu guramanyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň möhümdigine ünsi çekip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň