Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Goragçy Ruslan Priýew «Ahala» goşuldy

17:1014.07.2023
0
34403

Bassyr ikinji ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş etjek «Ahal» futbol topary düzümini «Şagadamyň» goragçysy Ruslan Priýew bilen güýçlendirdi.

Professional karýerasyna 2019-njy ýylda Aşgabadyň «Köpetdagynda» gadam goýan Ruslan Priýew Lebabyň «Bagtyýarlyk» futbol toparynyň uçurymydyr. Ol ilkinji tälimi Timur Hüseýinowdan aldy.

«Köpetdag» bilen 2019-njy ýylda Türkmenistanyň kubogynyň eýesi bolan goragçy bir ýyldan soň ýene-de bu ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetmegi başardy. 2019-njy we 2020-nji ýyllaryň möwsümlerini «Köpetdagda» geçiren Ruslan Priýew 2021-nji ýylda Marynyň «Energetik» futbol toparynyň düzümine goşuldy. Şu ýylyň başynda bolsa ol Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen şertnama baglaşdy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynda üstünlikli çykyş etmegi meýilleşdirýän «Ahal» futbol toparynyň tälimçiler düzümi goragda türkmenabatly futbolçyny hem görmek islediler. Ol yklym ýaryşynda «Ahalyň» gorag bölüminiň esasy futbolçylarynyň biri bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň