Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işiniň geçirilýändigini mälim etdi.
Umumy orta, orta hünär we ýokary bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2023-nji ýylyň 10—20-nji iýuly aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär. Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuw şertleri baradaky maglumatlar resminamalary kabul ediş topary tarapyndan berilýär.
Gerekli resmi iş kagyzlarynyň sanawyna aşakdakylar girýär:
- Türkmenistanyň raýaty üçin bellenilen nusgadaky arza we sowalnama;
- Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenilen nusgadaky sowalnama;
- dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji iki sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir);
- raýatyň adynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama (bar bolsa) (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalary (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Rumyniýanyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);
- umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi) (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamanyň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
- diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- rumyn dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da rumyn dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
- terjimehal (CV) iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde;
- SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
- COVID-19-a garşy sanjym geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
- soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegdäki on iki sany foto surat.
- Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
- Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Resminamalaryň terjimeleri iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilleriniň birinde berilmelidir.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Maglumat üçin telefonlar: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.