Oraz Ataýew toparynyň «Matç TW»-den üstün çykmagyna goşant goşdy

15:3706.07.2023
0
45311

«Bus» futbol topary Russiýanyň Media futbol ligasynyň wekilleriniň arasynda geçirilýän Moskwanyň Selebriti ― 2023 kubogynyň ikinji tapgyryny «Matç TW» toparyndan üstün çykdy.

Moskwa şäherindäki «Sapsan Arena» stadionynda geçirilen duşuşyk «Bus» toparynyň 5:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Awtobusyň» bu ýeňşine türkmenistanly goragçy Oraz Ataýew hem 73-nji minutda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen goşant goşdy.

«Bus» indi ýaryşyň üçünji tapgyrynda «MKS-2023» topary bilen duşuşar.

22 ýaşly Oraz Ataýew Segundanyň wekili «Lugonyň» uçurymydyr. Ol ozal «Leones» futbol toparynyň ýaşlar düzüminde hem çykyş etdi.

Oraz Ataýew tälimçiler Ante Mişe we Mergen Orazow tarapyndan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Birleşen Arap Emirliklerindäki hem-de Russiýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna hem gatnaşdy.

Ýokarda agzalan duşuşykda «Matç TW» toparynyň düzüminde türkmen futbolynyň wekili Maksim Kazankowyň hem çykyş edendigini bellemek gerek. Ol GOATS media toparynyň düzüminde hem futbol oýnaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň