Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen söhbetdeşlik

11:0804.07.2023
0
33554

Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ysmaýyl Haldi türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň geljegi, özüniň diplomatik missiýasy we ilkinji täsirler barada gürrüň berýär.

Türkmenistandaky missiýa

Islendik diplomatik missiýa, konsullyk hyzmatlaryndan başlap, medeniýete we ykdysadyýete we şuňa meňzeşlere çenli köp meseleler boýunça adaty hem standart diplomatik funksiýalardan ybaratdyr. Ýöne welin gatnaşyklar, şol sanda gyzyklanmalar ýurtdan-ýurda tapawutlanýar.

Şu ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl, şeýle hem Ysraýylyň Türkmenistanda ilçihanasynyň açylanyna 10 ýyl dolýar, şonuň üçin bu ýyl biziň üçin aýratyn ýyl bolup durýar.

Meniň bu ýerdäki wezipäm ozal hem gowy derejede bolan türkmen-ysraýyl gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin elden gelenini etmek. Geçen ýyllaryň dowamynda biz syýasy geňeşmeleri geçirdik we iň ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlary guradyk. Syýasy, ykdysady, energetika, syýahatçylyk we saglygy goraýyş pudaklarynda düşünişmek we hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekişdik.

Türkmenistan barada ilkinji täsirler we umumy pikirler

Aslynda, bu wezipä bellenýänçäm Türkmenistan barada bilýän zadym azdy. Umuman aýdanymda, men Merkezi Aziýany diňe diplomatik karýeramyň başynda Özbegistana eden saparym boýunça tanaýaryn. Emma resmi taýdan Türkmenistana bellenenimden soň men ýuwaş-ýuwaşdan özüm üçin örän gyzykly we tolgundyryjy bolan taýýarlyga girişdim.

Ilkinji täsirler örän gowy boldy. Iň esasy zat, türkmen halkynyň myhmansöýerligi we açyklygy meni haýran galdyrdy. Bu ýerde örän sada we şol bir wagtyň özünde ajaýyp adamlar, şeýle hem iýmitler bilen tanyşmagy gowy görýän.

Türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň esasy we geljegi uly ugurlary

Häzirki wagtda Ysraýylyň lukmançylykda, oba hojalygynda we suw dolandyryşynda üstünlik gazanan ugurlaryna ünsi çekmek isleýärin. Meniň wezipämiz bu tehnologiýalary elýeterli etmek we Türkmenistana hem-de onuň halkyna ýardam etmekden ybarat.

Ýöne Ysraýylyň beýleki ugurlarda-da, mysal üçin, işewürlik, energetika, infrastruktura, telekommunikasiýa pudagynda uly tejribesi bar, bu hem türkmen tarapy üçin gyzykly bolup biler. Şonuň üçin iň zerur ýerinde has peýdaly bolmagy üçin şeýle pursatlary döwlet bilen gepleşikler arkaly çözmek möhümdir.

Ýolagçy we ýük gatnawlary

Biz geljegi bar bolan ähli zady ösdürmäge we goldamaga taýyn. Göni uçuşlar barada aýtsak, olaryň adatça ykdysady hasaplamalar bilen esaslandyrylýandygyna düşünmek gerek. Eger-de «Türkmenhowaýollary» Ysraýyla uçuşlar üçin söwda artykmaçlygyny tapsa, bu amala aşyrylar.

Meniň düşünişim boýunça möhüm bir zady aýdasym gelýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýerleşişi örän möhüm we örän strategik häsiýete eýe, sebäbi ol gündogary günbatar bilen, günortany demirgazyk bilen birleşdirýär. Bu ýerden birnäçe sagadyň içinde we eýýäm Ýakyn Gündogara, Ýewropa, Hindistana ýa-da Hytaýa baryp bilýäň. Men bu kuwwat heniz doly güýjünde ulanylmaýar diýip hasaplaýaryn. Ýöne, meniň pikirimçe, Ysraýyldan Türkmenistana göni uçuş bolmasa-da, belki, Ysraýyldan Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa üstaşyr uçuş bolup biler, ýa-da ýük gatnawlarynyň hem geljegi bar.

Medeni çäreler

Häzir biz Türkmenistanda Ysraýyly. Medeniýet hepdeligini geçirmegiň üstünde işleýäris. Bu çäre şu ýylyň ahyrynda meýilleşdirilýär, onuň guramaçylyk meseleleri Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde işlenilýär. Medeniýet hepdeliginiň çäginde diňe bir Aşgabatda däl, eýsem onuň daşynda-da çäreleri geçirip bileris diýip umyt edýärin.

Filmleri, mýuziklleri, konsertleri, teatr ýa-da sport çykyşlaryny görkezeris diýip entek aýdyp biljek däl. Bu meselede biz ýerli ilatyň bähbitlerini öwrenmek isleýäris we tekliplere taýýardyrys.

Mundan başga-da, Ysraýylda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegini isleýärin. Muny bir pikir hökmünde serimde aýladym, ýöne bu çäreleri Türkmenistanyň kömegi bolmazdan amala aşyrmak birneme kyn bolar. Ýakyn geljekde Ysraýylda Türkmenistanyň ilçihanasy açylar we onsoň bulary durmuşa geçirmek has aňsat bolar diýip umyt edýärin.

Talyp alyş-çalşygy we «MAŞAW» maksatnamasy barada

Mundan başga-da, men ýokary okuw mekdeplerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly mümkinçilikleri görýärin. Has köp türkmen talyplarynyň Ysraýylda, mysal üçin, oba hojalygy, innowasiýa we tehnologiýa ugurlarynda okamagyny isleýärin. Bizde weterinariýa işi we inženerçilik ýokary derejede ösendir.

Şeýle hem bizde Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň garamagyndaky Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek gullugy bolan «MAŞAW» bar. «MAŞAW» dürli ugurlar boýunça treningleri geçirýär.

Döredileli bäri dürli ýurtlardan 200 müňden gowrak hünärmen «MAŞAW» okuw maksatnamalaryna gatnaşdy. Bu maksatnamanyň çäginde Ysraýyldan Türkmenistana ýerli hünärmenler bilen suw dolandyryş okuwlaryny geçirjek bilermenleri çagyrmagy hem meýilleşdirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň