Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» HK «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy

17:1003.07.2023
0
24793

Mälim bolşy ýaly, 30-njy iýunda Arkadag şäherinde Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy üstünlikli geçirildi, oňa halkara kompaniýalaryň we guramalaryň onlarçasynyň wekilleri gatnaşdy. Çärä gatnaşanlaryň biri hem «Röwşen» HK-dyr, ol forumyň myhmanlaryny öz önümleri – tebigy deriden taýýarlanan ýokary hilli aýakgap nusgalary bilen tanyşdyrdy.

– Biziň kompaniýamyzyň şeýle iri ykdysady çärä gatnaşmagy özümizi ykrar etdirmekde we daşary ýurtly hyzmatdaşlara önümlerimizi tanyşdyrmakda nobatdaky mümkinçilikleriň biri boldy – diýip, «Röwşen» HK-nyň wekili gürrüň berdi. – Forum uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin döredijilikli pikir we teklip alyşmak, täze mümkinçilikleriň gözlegleri hem-de gyzyklanmalaryň çägini giňeltmek üçin hem amatly meýdançadyr.

«Röwşen» köpugurly kärhanasy Arkadag şäheriniň infrastrukturasyny kemala getirmek işine gönüden-göni gatnaşdy: kompaniýanyň hünärmenleriniň yhlasly zähmeti netijesinde şäherde ýokary amatlykly öýleri bolan ýedi sany ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ulag-aragatnaşyk pudagynyň işini guramak üçin Doladyryş binasy guruldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň