Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklip» kompaniýasy islendik gurluşly aýna mozaikany taýýarlar we gurnar

10:1001.07.2023
0
22134

«Anyk Teklip» kompaniýasy dürli giňişlikleri bezemekde giňden peýdalanylýan aýna mozaikany taýýarlamagyň usullaryny özleşdirdi.

«Anyk Teklip» müşderilere grafit, kümüş we bürünç aýna elementleriniň esasynda islendik gurluşly nusgawy aýna mozaikalaryny hödürleýär. Mozaika ini 10 mm bolan faset (gyrasy) bilen taýýarlanylýar. Gyrasynyň ýörite faset usulynda gaýtadan işlenilmegi mozaikadan taýýarlanan ähli şekiliň otagyň ýagtylygyna «oýun» effektini bermegine we şöhläniň «döwülmegine» täsir edýär.

Aýna mozaikanyň dürli reňk öwüşginleri bezelýän otagyň diwarynyň, polunyň we potologynyň reňkine gabat gelýän reňki saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri aýna mozaikanyň islendik giňişlige täsirlilik, kaşaňlyk, kristallaryň ýalpyldysyny çaýjakdygyna ynanýarlar. Onuň taýýarlygynda peýdalanylýan dürli usullar ýa-da olaryň utgaşmasy islendik çylşyrymlylygy bolan işi, şol sanda sargytçynyň çyzgylary boýunça işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

«Anyk Teklip» kompaniýasynyň ýerleşýän salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagy, Zerger köç., 3-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta: anykteklip@mail.ru.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň