Ýakynda «Diplomatic World» halkara žurnalynyň 71-nji sany çykdy. Onda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan türkmeniň alabaý itleri baradaky makala çap edildi. Makala «Türkmen alabaý itleri — wepalylygyň we batyrlygyň nyşany» diýlip atlandyrylyp, ol müňlerçe ýyldan bäri her bir türkmen maşgalasynda orun alan alabaý itleriniň taryhyny, olary idetmegiň milli ýörelgelerine degişli maglumatlary öz içine alýar. Bellenişine görä, türkmeniň alabaý örän giň ýaýran tohumdyr. Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda bu tohum üýtgewsiz saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň çäginde, ýagny Goňurdepede we Nusaýda gecirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gulagy, guýrugy kesilip gysgaldylan güýçli köpekleriň heýkelleri munuň şeýle bolandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen alabaýyny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejesine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanda 2020-nji ýylyň maýynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. Munuň özi türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri barada edilýän aladalaryň ýurt derejesinde özüniň oňyn netijesini berýändigini subut edýär.
«Diplomatic World» — dünýä syýasaty, diplomatiýa, işewürlik, maliýe, sungaty we medeniýeti baglanyşdyrýan elektron we çap görnüşinde üç aýdan bir gezek neşir edilýän, ýokary derejeli okyjylara niýetlenýän halkara žurnaldyr.