Soňky habarlar

Arhiw

Rustam Minnihanowyň alabaýy iň meşhur itleriň reýtingine girdi

15:1424.06.2023
0
28130

25-nji iýunda «Kazan Ekspo» halkara sergi merkezinde «Grand Zilant 2023» we «Kazan Prestige 2023» statuslary boýunça itleriň sergisi geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, «Realnoe Wremýa» Kazanyň guýrukly we gyýakly çempionlarynyň reýtingini düzdi.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň Akdus atly alabaý iti iň köp titully 40 itiň reýtinginde 14-nji ornunda ýerleşdi. Bu görkeziji häzirlikçe onuň ýaşdygy bilen bagly hasaplanylýar. Adatça, alabaýlar üç-dört ýaşyna çenli ösmegini dowam etdirýärler. Akdusyň bolsa ýaňy bir iki ýaşyndadygyny bellemek gerek diýip, «Tatar-inform» habar berýär.

Şu wagta çenli Akdus üç sergä — 2022-nji ýylyň 24-nji aprelinde Kazanda, 29-njy maýynda Ýoşkar-Olada we 23-nji iýulda ýene Kazanda geçirilen sergilere gatnaşdy. Üç serginiň hemmesinde Akdus öz klassynda ýeňiji boldy.

Belläp geçsek, Akdus heniz kiçijek güjük mahaly türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýylda Rustam Minnihanowa sowgat berlipdi. Akdusyň ady tatar dilinden terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar. Onuň Russiýanyň çempiony diýen ada hem eýe bolandygyny bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň