Türkmenistanda innowasion taslamalaryň nobatdaky «Sanly çözgüt – 2023» bäsleşigi geçiriler

22:3723.06.2023
0
30588

Türkmenistanda «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk işleri barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurtda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly nesilleriň kemala gelmegi üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýändigini nygtady. Bu işler mundan beýläk-de dowam etdiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýaşlaryň sanly ulgamy ösdürmek babatda gazananlaryny, işläp taýýarlamalaryny hem-de tejribesini milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, önümçilige giňden ornaşdyrmagyň, bu işleri sazlaşykly guramagyň wajypdygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmegiň uly ähmiýetini belläp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

«Sanly çözgüt — 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň netijeleri, adatça, ýylyň ahyrynda jemlener.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň