Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply üç welosipedçi Türkmenistany aýlanyp çykmak üçin ýola düşdüler

10:2022.06.2023
0
43268

Lebap welaýatyndan bolan üç welosipedçi Türkmenistany aýlanyp çykmak üçin syýahata ugrady. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habaryna görä, olar syýahatyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlaýarlar.

Bu syýahata ugramak pikirini Türkmenistanda tanymal syýahatçy we suratçy, Dänew etrabynyň Parahat obasynyň ýaşaýjysy Batyr Abdyllaýew orta atypdyr. Ol birnäçe gezek pyýada we welosipedli ýurduň çägine syýahat etdi, ýedi gezek Türkmenistanyň iň beýik nokadyna — Köýtendagdaky Aýry-Baba belentligine çykdy.

Nobatdaky syýahaty onuň dokuzynjy sapary bolup, bu gezek onuň bilen Seýdi şäheriniň ýaşaýjysy Hudaýberen Saparow hem-de Köýtendag etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň mugallymy Gülruh Jumaýewa hem ýola çykdy.

Bu syýahat Hudaýberen Saparow üçin üçünji welosipedli sapar bolar. Ol Aşgabat şäherine baryp, ondan hem yzyna gaýtmak isleýär. Ol şeýle tertipde eýýäm iki gezek Türkmenbaşy şäherine gidipdi.

Gülruh welosiped sürmegi syýahata ugramazdan sähelçe öň öwrendi we basym şeýle uzak ýola çykmaga ýaýdanmady. Ol Batyr Abdyllaýew bilen tutuş ýoly geçmegi — Türkmenabadyň, Marynyň, Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üsti bilen Bekdaş şäherine gitmegi ýüregine düwdi. Soňra olar gaýdyşyn Aşgabat şäherine gelip, şol ýerden hem Daşoguza tarap sowlarlar we soňra Gazojaga bararlar. Olar Seýdi şäherine baryp, Amyderýanyň sag kenaryna geçerler, soňra derýanyň çep kenarynda ýerleşýän Türkmenabat şäherinden geçip, Köýtendaga tarap ýola düşerler. Ýoluň uzynlygy, takmynan, 4000 kilometre barabar bolar.

Batyr Abdyllaýew welosipedde 2581 kilometri geçensoň, 2014-nji ýylda öz döreden rekordyny täzelär.

Welosipedçiler syýahatyň dowamynda ýurduň sebitleriniň medeniýeti, tebigaty we durmuşy barada gyzykly maglumatlary ýygnarlar hem-de surata düşürerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň