Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oman Merkezi Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy

20:5520.06.2023
0
19865

Omanyň futbol ýygyndysy gyrgyzystanly futbolçylary 1:0 hasabynda ýeňip, Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň geçiren çempionatynda üçünji orna mynasyp boldy. Duşuşyk Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirildi.

Duşuşykdaky ýeke-täk goly 71-nji minutda 23 ýaşly ýarym goragçy Arşad Al Alawi geçirdi.

Şol gün geçirilen final duşuşygynda bolsa Eýran Özbegistany edil şu hasap bilen utup, çempion bolmagy başardy.

CAFA taryhynda ilkinji gezek milli ýygyndylar derejesindäki ýaryşy geçirdi. Oňa ýedi döwletiň ýygyndylary gatnaşdy. Türkmen ýygyndysy «A» toparçada çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň