Gurnalýan basseýnleri öndürýän «Intex» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy tomsuň sapaly dynç alyş günlerinde jaýlaryň howlusynda ýerleşdirmek üçin niýetlenen dürli görnüşli we ölçegli gurnalýan hem-de çişirilýän basseýnlere möwsümleýin uly arzanladyşyň yglan edilýändigini habar berýär.
«Intex» kompaniýasynyň gurnalýan basseýnleri kompozit materiallardan taýýarlanylýar. Olar çuňlugy hem-de giňligi boýunça tapawutlanyp, islendik düz ýerde açylyp ýerleşdirilip bilner.
Şeýle-de çişirilýän kiçi göwrümli basseýnleriň we çagalar üçin has kiçi basseýnleriň, ýel berilýän tegelekleriň, haýwan şekilleriniň we matraslaryň köpdürli görnüşleri bardyr.
Öndürijiniň gös-göni özi bilen hyzmatdaşlyk edýändigi sebäpli, resmi paýlaýjy bu önümlere diňe bir kepillik bermän, eýsem olary arzan bahalardan ýetirýär. Paýlaýjy satyn alnan önümleri Aşgabat şäheriniň hem-de ýurduň welaýatlarynyň islendik gerek bolan salgysyna mugt eltip bermek hyzmatyny hem üpjün edýär. Şunuň bilen birlikde, basseýni zerur bolan ýerde gurnap bermek hyzmatlary-da ýerine ýetirilýär (hyzmat tölegli).
«Intex» kompaniýasynyň basseýnleriniň haryt görnüşleri bilen «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkeziniň 3-nji gatyndaky dükanyndan tanyşmak bolýar. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 16 61 04 we (+993 62) 85 18 81. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.