Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly iberilýän gazyň möçberi ýyllyk 40 milliard kub metre ýetdi

10:2217.06.2023
0
38776

Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly iberilýän gazyň mukdary ýylda, takmynan, 40 milliarda kub metre ýetdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Habar berlişi ýaly, bu maglumaty «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda açylan «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatda eden çykyşynda mälim etdi. Şeýle hem ol Hytaý Halk Respublikasynyň türkmen tebigy gazyny iň köp satyn alýan ýurtdugyny belledi.

— 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylyşa berlen Türkmenistan – Özbegistan –Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça ýylda 40 milliard kub metr tebigy gaz iberilýär – diýip, M.Arçaýew aýtdy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasarynyň bellemegine görä, geljekde türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän ýyllyk mukdary 65 milliard kub metre çenli artdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň