Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde seýsmik stansiýa gurlar

22:3416.06.2023
0
21553

Arkadag şäherinde seýsmiki stansiýa gurlar. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň häkimligine seýsmik yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmik stansiýany gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.

Şeýle-de resminama bilen, Arkadag şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we beýleki enjamlary satyn almak boýunça-da halkara bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilata edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek, hasaba almak, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň