Top.Mail.Ru

Arhiw

«Röwşen» haryt nyşanynyň erkek aýakgaplarynyň VIP-toplumy täze nusgalar bilen dolduryldy

11:0213.06.2023
0
35733

«Röwşen» hususy kärhanasy hakyky deriden taýýarlanan erkek aýakgaplarynyň naýbaşy toplumynyň düzümini täze nusgalar bilen giňeltdi.

VIP toplumda erkekleriň nusgawy aýakgaplary, «oksfordlar», «derbiler», mokasinalar we loferler hödürlenýär. Naýbaşy aýakgaplaryň tapawutly aýratynlyklaryna 100 müň ädime çenli çydamly bolan deri petekler degişlidir. Mundan başga-da, daşky we içki bölekler birinji derejeli deriden taýýarlanýar, dabany üçin bolsa güýçli we dykyz deri bölegi peýdalanylýar.

«Röwşen» haryt nyşanynyň wekiliniň belleýşi ýaly, VIP toplum dolulygyna elde taýýarlanylýar. «Röwşeniň» naýbaşy nusgalary telekeçilere we iri hususy kompaniýalaryň hem-de döwlet guramalarynyň ýolbaşçylaryna saýlap almak üçin ajaýyp pikir bolar.

Täze nusgalary «Röwşeniň» Aşgabatdaky we Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndaky dükanlaryndan satyn almak mümkindir.

«Röwşeniň» Aşgabatdaky dükanynyň salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 («Gadamly» binasy). Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.

Welaýatlardaky dükanlaryň telefonlary:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: + (993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 89 52 55;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň